Ýewropanyň kosmos gullugynyň (ESA) italiýaly astronawty Luka Parmitano NASA-nyň «Artemis III» kosmos missiýasyna goşulyp, Aýyň töweregindäki orbita iberiljek ilkinji ýewropaly bolar. 2027-nji ýyla meýilleşdirilýän bu synag uçuşynyň esasy maksady adamlaryň Aýa gaýtadan gonmagy üçin taýýarlyk işlerini geçirmekden ybaratdyr. Ýewropa tarapy bu taslama arkaly ABŞ bilen kosmos barlaglary babatyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmegi we bu ugurda öňdebaryjy hyzmatdaş bolmagy maksat edinýär.
Missiýanyň çäklerinde «Orion» kosmos gämisindäki dert astronawt – NASA-nyň üç wekili we Parmitano Ýeriň aşaky orbitasyna çykyp, «SpaceX» hem-da «Blue Origin» kompaniýalary tarapyndan döredilýän Aýa gonujy modullar bilen birigerler. Ýewropa kosmos gullugy bu maksatnama üçin «Orion» gämisini elektrik energiýasy, kislorod we suw bilen üpjün edýän ýörite gulluk modulyny öndürip, taslama uly goşant goşdy. Bu uçuşa NASA tarapyndan adamlaryň gatnaşmagyndaky (ekipažly) iň çylşyrymly kosmos missiýalarynyň biri hökmünde baha berilýär.
Häzirki wagtda astronawtlar topary ABŞ-nyň Hyuston şäherindäki Jonson adyndaky kosmos merkezinde çylşyrymly türgenleşikleri we gäminiň ulgamlaryny dolandyrmaga degişli synaglary geçirýärler. Ýewropa bilen ABŞ-nyň hünärmenleri kosmosy öwrenmekde we ylmy gözlegleri ösdürmekde umumy maksatlara eýerip, hyzmatdaşlygy yzygiderli dowam etdirýärler.
PDF








