Hytaýyň ýaşaýjysy Wan Nin maýyplar üçin pikiriň güýji bilen dolandyrylýan arabanyň nusgalygyny ýasady. Ol şeýle hem arabany we beýleki dikeldiş işleri üçin peýdalanylýan enjamlary ulanmak üçin ýörite mobil goşundy döretdi. 33 ýaşly Wan Ninde bu pikir doly ysmazlyga getiren hem-de diňe gözlerini hereketlendirip bilýän arka ýiligine agyr operatiw bejergilerden soňra döredi.
Ol arabanyň nusgasyny tehnologik bäsleşigiň dowamynda bary-ýogy 48 sagatda ýygnady. Ysmazlyk döwründe gazanan tejribesi onuň üçin çäkli hereketli adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmekde höweslendiriji boldy. Wan Nin arabadan başga-da, arka ýiligine şikes alnan adamlar üçin nawigasion mobil goşundy, saglygyny dikeltmäge kömek edýän enjamlarydyr ýörite oýunlary hem döretdi.
Wan Nin aýaly bilen bilelikde, bäsleşigiň 50 müň ýuan (7,4 müň amerikan dollaryna golaý) baş pul sylagyny aldy. Olaryň täze oýlap tapyşy Şanhaýda geçen ýaryşlarda enjam üpjünçiligi ugry boýunça ilkinji orna hem mynasyp boldy diýip, “South China Morning Post” neşiri habar berdi.
PDF








