Dünýäniň elektrik energiýasynyň önümçiliginiň 40 göterimden gowragy kömrüň paýyna düşýär. Şeýlelikde, kömür elektrik energiýasynyň iň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Kömür gorlarynyň köplüginiň, elýeterliliginiň we bütin dünýäde giňden ýaýranlygynyň hasabyna dünýä energetikasynda esasy orny eýeleýär. Kömrüň häzirki gazylyp çykarylyşynyň mukdaryna laýyklykda, onuň gorlarynyň 869 milliard tonna barabardygy çak edilýär. Bu bolsa, kömrüň ýene-de 115 ýyla ýetjekdigini aňladýar. Şeýle hem kömrüň uly gorlarynyň Aziýada we Günorta Afrikada ýerleşýändigi bellenip geçilýär. Soňky wagtlarda kömrüň ýakylmagynyň howanyň global özgermegi bilen baglanyşdyrylmagy, sarp edilýän energiýanyň uly paýynyň kömre degişlidigini görkezýär. Sarp edilýän kömrüň 90 göterimi dünýäniň 10 ýurdunda gazylyp alynýar.
10. Ukraina – 2013-nji ýylda ýurtda kömrüň çykarylyşy 64,976 million tonna deň bolupdyr. Ýurtda 2016-njy ýylda kömrüň çykarylyşy 40,86 million tonna deň bolupdyr. 2017-nji ýylda bolsa, kömrüň çykarylyşy 14,5 göterim pese düşüpdir. Ýurduň Energetika we kömür energiýasy ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda Ukrainada 34,916 million tonna kömür çykarylypdyr. Ýöne “British Petroleum”-yň maglumatlaryna görä, şol ýyl Ukrainada jemi 34,375 million tonna kömür gazylyp alnypdyr.
9. Kolumbiýa – 2013-nji ýylda ýurtda kömrüň çykarylyşynyň derejesi 85,5 million tonna ýetdi. Bu bolsa, öndürilmegi maksat edilen 89 million tonnadan 4 % pesdir. Kömrüň eksporty 94,3 %-e deň boldy. Ýurduň Magdan gazyp alyjy senagatynyň milli agentligi gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň 18% ösenligi barada habar berdi.
8. Gazagystan – kömür çykarmakda sekizinji orny eýeleýär. 2012-nji ýylyň maglumatlaryna görä, bu ýerde 116,6 million tonna kömür çykaryldy. Sarp edilişini göz öňünde tutanyňda, onda Gazagystan 12-nji orny eýeleýär, şunuň bilen birlikde, ähli elektrik beketleriniň kuwwatlyklaryny herekete girizmek üçin kömrüň 85 göterimi ulanylýar. Maglumatlara görä, ýurtda kömür ätiýaçlyklary 33,6 milliard tonna töweregi. Gazagystanda 400-den gowrak kömür käni bar.
7. Günorta Afrika Respublikasy – ýurtda ýylda 260 million tonna kömür çykarylyp, kömür gazyp almakda ýedinji orny eýeleýär, eksport etmekde bolsa, altynjy orunda durýar. 2012-nji ýylyň maglumatlaryna görä, kömrüň eksporty 74 million tonna deň bolupdyr. GAR, esasan hem, Ýewropa ýurtlaryna, Hytaýa we Hindistana kömür ugradýar. Bellenip geçilişine görä, ýurduň 90 % kömri elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar.
6. Russiýa Federasiýasy – kömür çykarmagyň derejesi boýunça altynjy orunda durýar. 2012-nji ýylyň maglumatlaryna görä, gazylyp alnan kömrüň möçberi 354,8 million tonna deň bolup, onuň 80 %-i energetik kömür, galan bölegi bolsa, koks kömrüdir. Russiýa kömri sarp etmegiň derejesi boýunça bäşinji orny eýeleýär. 2012-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ýurtda 134 million tonna kömür eksport edilip, bu ugurda dünýäde üçünji orny eýeleýär.
5. Indoneziýa – 386 million tonna görkezijisi bilen kömür çykarmak boýunça bäşinji orny eýeleýär. Indoneziýa we Awstraliýa uzak wagtlap, deň görkezijileri bilen kömür çykarmakda esasy bäsdeşler boldy. Ýöne 2011-nji ýylda Indoneziýa Awstraliýadan öňe geçse-de, häzir Awstraliýa bu ugurda sebitde liderligini saklaýar. Indoneziýada kömrüň 44 %-i elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar. 2012-nji ýylyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda kömrüň ätiýaçlyk gorlarynyň mukdary 5,5 milliard tonna deň.
4. Awstraliýa – bu ýurtda kömrüň çykarylyşy 2013-nji ýylda 413 million tonna ýetip, bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ýurtda kömrüň 90 %-i eksport edilýär. Awstraliýa kömri eksport etmekde dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 2012-nji ýylda kömrüň eksporty 384 million tonna barabar bolup, kömür ätiýaçlyklarynyň möçberiniň 76,4 milliard tonna deňdigi aýdylýar.
3. Hindistan – bu ýurtda kömrüň çykarylyşy 605 million tonna barabar bolup, dünýäde bu ugurda üçünji orny eýeleýär. Hindistan dünýäde kömür ulanmagyň derejesi boýunça hem üçünji ýerde durýar. Şeýle hem bu ýurt kömri import edýän iri üç ýurduň biri bolup, onuň möçberi ýylda 160 million tonna barabardyr. Bu babatda Hytaý we Ýaponiýa öňdeligi eýeleýär. Ýurduň 68 % elektrik energiýasy kömür bilen işleýän beketlerde öndürilýär.
2. ABŞ – ýurtda kömrüň çykarylyşy 2012–2013-nji ýyllaryň maglumatlaryna görä, 922 million tonna deň bolup, çen bilen dünýädäki kömür çykarylyşynyň derejesiniň 13 %-ine deňdir. Bu ýurt ikinji iri öndüriji, şeýle hem dünýäde ikinji iri sarp edijidir. Ýurduň 37 % elektrik energiýasy kömür bilen işleýän beketlerde öndürilýär. ABŞ-daky kömür ätiýaçlyklary 237 milliard tonna deňdir.
1. Hytaý – 30 ýyldan gowrak wagt bäri dünýäde iň iri kömür gazyp alýan ýurt hökmünde liderligini saklaýar. 2013-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ýurtda kömrüň gazylyp alnyşy 3,7 milliard tonna deň bolup, bu görkeziji dünýäde kömrüň çykarylyşynyň 47 %-ine barabardyr. Şeýle hem ýurtda dünýä derejesinde ulanylýan kömrüň deň ýarysyndan gowragy sarp edilýär. Ýurt 2012-nji ýylyň maglumatlaryna laýyklykda, 114,5 milliard tonna kömür gorlary bilen üçünji orny eýeleýär.