Tomsuň başynda Žoze Mouriniony gaýtadan tälimçilige bellän “Real Madrid” Lewanteden Karlos Espini transfer etdi. 21 ýaşyndaky hüjümçiniň transferi hemmeler üçin garaşylmadyk waka boldy. Hatda oýunçynyň özi hem garaşylmadyk waka, birden boldy, meniň üçin uly sýurpriz diýip belläp geçdi.
“Real Madrid” Espiniň transferi üçin “Lewante” toparyna 25 million ýewro berer. Espi 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol eýýäm klubuň türgenleşiklerine gatnaşyp başlady. Espi geçen möwsümde “Lewanteniň” düzüminde 27 oýunda 13 gol geçirdi.
“Real Madrid” Espiden öň ispaniýaly Mark Kukurelýany, niderland Denzel Dumfrusi, fransiýaly Ibrahima Konateni, portugaliýaly Bernardo Silwany düzümine goşupdy.
PDF








