Angliýanyň “Arsenal” topary düzümindäki 2-nji braziliýaly Gabriel atly futbolçysyny hem ugratdy. Toparyň çep gyraky wingeri Gabriel Martinelli Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň düzümine goşuldy. Arap kluby Martinelliniň transferi üçin iňlislere 70 million ýewro berer. “Al-Hilal” topary 25 ýaşyndaky oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Al-Hilal” Martinelliniň karýerasyndaky 3-nji klub bolup, ol “Arsenaldan” öň Braziliýanyň şol wagtlar 4-nji ligasynda bolan “Ituano” toparynda 1 möwsüm oýnady. 2019-njy ýylda londonlylaryň düzümine goşulan Martinelli 7 möwsüm iňlis klubunda 278 oýunda 62 gol geçirdi.
“Arsenal” Gabriel Martinelliden öň başga bir braziliýaly Gabrieli, Gabriel Žesusy hem “Barselona” ugratdy. “Arsenalda” häzirki wagtda diňe bir Gabriel galdy. Braziliýaly goragçy Gabriel Magalýans londonlylaryň düzüminde çykyş edýär.
PDF








