“Premier Liganyň” wekili “Mançester Siti” tomusky transfer möwsüminiň soňky 2 gününde düzümine 3 futbolçy goşdy. Şäherliler ilki Braziliýanyň “Palmeiras” toparyndan 22 ýaşly Allany 38 million ýewro transfer etdi. Braziliýaly ýarymgoragçy “Mançester Siti” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

“Mançester Siti” transfer möwsüminiň soňky gününde “Ewertondan” senegally winger Iliman Ndiaýeni 76 million ýewro berip, 5 ýyllyk şertnama bilen düzümine goşdy. Angliýada “Şeffild Ýunaýtedde”, “Haýd Ýunaýtedde”, Fransiýada “Marselde” oýnan 26 ýaşyndaky Ndiaýe 2024-nji ýylda “Ewertona” geçipdi. Ol “Ewertonda” 74 oýunda 17 goly derwezä girizdi.

“Mançester Sitiniň” 3-nji transferi britan futbolynyň rekordyny täzeledi. Topar Rodriniň ornuna “Çelsiniň” argentinaly ýarymgoragçysy Enzo Fernandesi transfer etdi. “Mançester Siti” 25 ýaşyndaky oýunçynyň transferi üçin londonlylara 125 million funt sterling, ýagny 146 million ýewro berer. Şeýlelikde, Enzo Fernandes futbolyň taryhynda Neýmar hem-de Mbappeden soň iň gymmat 3-nji transfer hökmünde hasaba alyndy. Iňlis futbolynyň rekordy Aleksander Isaka degişlidi (145 million ýewro). “Mançester Siti” Fernandes bilen 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi. Enzo Fernandes “Riwer Pleýtde” futbola başlap, “Defensa i Hustisiýa” toparynda 2 ýyl kärendesine oýnady. 2022-nji ýylyň tomsunda “Benfika”, 2023-nji ýylyň ýanwarynda-da “Çelsi” toparyna rekord baha (121 million ýewro) geçip, iňlis futbolynyň iň gymmat transferi bolupdy. Enzo Fernandes “Çelside” 170 oýunda 31 gol geçirdi.