Häzirki wagtda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça degişli işler alynyp barylýar we oňyn netijeler alynýar. Şeýle-de toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty yzygiderli artdyrylýar.
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.
Bu döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.
Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.
Bu barada 1-nji awgusta geçirilen şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri bagyşlanyp sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow barada hasabat berdi.
PDF







