2-nji awgustda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan ýurduň Konstitusiýasynyň 149-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, «Raýat şertnamasy» partiýasynyň lideri Nikol Paşinýany Premýer-ministr wezipesine bellemek hakyndaky permana gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Parlamentde köplügi emele getiren «Raýat şertnamasy» partiýasy N.Paşinýanyň dalaşgärligini hödürläp, degişli resminamalar toplumyny Prezidentiň garamagyna hödürledi. Şondan öň bolsa, konstitusion kadalara laýyklykda öňki Hökümetiň meýletin wezipeden çekilmegi baradaky karara gol çekilipdi we Prezident tarapyndan kabul edilipdi. Täze Kabinet düzülýänçä, öňki Hökümet agzalary öz borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam ederler.

Bu çäreler 7-nji iýundaky saýlawlardan soň işe başlan Ermenistanyň Parlamentiniň ilkinji mejlisinde amala aşyryldy. Täze parlamentde 105 deputatlyk orun paýlanyp, onda «Raýat şertnamasy» partiýasy 64 mandata, Samwel Karapetýanyň «Güýçli Ermenistan» bileleşigi 29 mandata, öňki Prezident Robert Koçarýanyň «Ermenistan» bileleşigi bolsa 12 mandata eýe boldy.

Parlamentiň ilkinji mejlisinde «Raýat şertnamasy» partiýasy tarapyndan Milli Ýygnagyň Başlygy wezipesine Ruben Rubinýanyň dalaşgärligi hödürlendi. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, Premýer-ministr bäş günüň içinde täze Hökümeti düzmeli hem-de 20 günüň dowamynda Hökümetiň maksatnamasyny parlamentiň garamagyna hödürlemeli bolar.