Germaniýanyň meşhur Hole-Fels gowagynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar mamont süňkünden ýasalan 40 müň ýyllyk iki sany guş heýkeljigini tapdylar. Týubingen uniwersitetiniň alymlary tarapyndan gowagyň aşaky gatlaklaryndan tapylan bu seýrek duş gelýän tapyndylar giçki paleolit döwrüniň Orinýak medeniýetine degişli bolup, irki adamlaryň eýýäm şol döwürde ýokary çeperçilik sungatyna eýe bolandygyny aýdyň subut edýär. Kindiwanja heýkeljikler, degişlilikde, 1,3 we 0,7 gram agramyndadyr. Olaryň biri Ýewropanyň buzlyk döwrüne degişli iň kiçi sungat eseri diýlip yglan edildi.

Tapyndylaryň biri rahat ýagdaýda oturan guşy, beýlekisi bolsa ganatlaryny ýaýýan guşy şekillendirýär. Alymlar bu heýkeljikleriň Şwabian Alb sebitiniň sowuk howasyna uýgunlaşan ak gluharlary ýa-da tokaýlyklarda ýaşaýan iri gara gluharlary aňladýan bolmagynyň mümkindigini belleýärler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna giren Hole-Fels gowagy adamzat sungatynyň gözbaşlaryny öwrenmekde iň möhüm ýerleriň biri hasaplanýar. Bu täze tapyndylar Blaubeuren şäheriniň Ilkidurmuş taryhy we Buzly döwür sungaty muzeýinde 2027-nji ýylyň 4-nji apreline çenli köpçülige görkeziler