Braziliýanyň Zähmetkeşler partiýasy San-Pauloda geçen milli guramaçylyk maslahatynda ýurduň häzirki döwlet Baştutany Luis Inasiu Lula da Silwany öňümizdäki oktýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde resmi taýdan hödürledi. 80 ýaşly çepçi syýasatçy özüniň dördünji prezidentlik möhleti üçin guraljak saýlaw bäsleşiginde ozalky Prezident Žair Bolsonaronyň uly ogly, 45 ýaşly senator Flawio Bolsonaro bilen bäsleşer. Ozalky döwlet Baştutany Žair Bolsonaro syýasatdan uzaklaşandan soň, onuň ogly liberal-sagçy güýçleriň esasy dalaşgäri hökmünde öňe çykdy.

Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi we iş bilen üpjünçiligiň ýokary görkezijileri gazanylan hem bolsa, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, býujet meselelerini sazlaşdyrmak, söwda çäklendirmelerini aradan aýyrmak hem-de jemgyýetçilik tertibini berkitmek ýaly meseleler hökümetiň üns merkezinde galýar. Habar berlişi ýaly, Zähmetkeşler partiýasy saýlawlara alty sany syýasy güýç bilen bilelikdäki koalisiýada gatnaşýar we wise-prezident wezipesine Žeraldu Alkminiň dalaşgärligini hödürleýär. “Datafolha” institutynyň soňky jemgyýetçilik pikirini öwreniş barlaglarynyň netijelerine görä, Lula da Silwanyň saýlawçylaryň 48 göteriminiň, Flawio Bolsonaronyň bolsa 43 göteriminiň goldawyny almagyna garaşylýar.