Gazagystanyň «Ile-Balhaş» döwlet tebigy goraghanasynda Russiýa Federasiýasy tarapyndan gowşurylan Amur gaplaňynyň urkaçysy ýabany tebigata goýberildi. Bu barada «Amur gaplaňy” merkezi habar berilýär.
«Ümit» atly urkaçy gaplaň tebigy gurşawa goýberilmezden ozal, Russiýanyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen synaglardan geçirilip, adamlardan gaça durmak we aw awlamak başarnyklary barlandy. Onuň hereketlerine gözegçilik etmek maksady bilen, boýnuna emeli hemra arkaly gözegçilik edýän ýörite halka geýdirildi.
Ýolbarslaryň Gazagystandaky tebigy populýasiýasy 1948-nji ýylda doly ýitipdi. Aradan 80 ýyla golaý wagt geçenden soň, Russiýanyň Habarowsk ülkesinden getirilen bu haýwanlaryň kömegi bilen Gazagystanda ýolbarslaryň populýasiýasyny dikeltmäge synanyşylýar. «Amur gaplaňy» merkeziniň Gözegçilik geňeşiniň başlygy, Russiýanyň Ýustisiýa ministri Konstantin Çuýçenkonyň bellemegine görä, bu taryhy ädim iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we çuňňur gatnaşyklary alamatlandyrýar.
Bellenilişi ýaly, ýerli hünärmenler urkaçy ýolbarsa gözegçilik etmek tejribesini doly özleşdirenlerinden soňra, erkek gaplaň hem tebigata goýberiler. Munuň özi adamlar üçin töwekgelçilikleri azaltmaga we haýwanlaryň doly howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda galan üç sany gaplaň kämilleşdiriş we uýgunlaşma tapgyrlaryny geçýär.
Ylalaşyga laýyklykda, haýwanlary getirmek hakyndaky resminama 2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Gazagystanyň Prezidentiniň Russiýa bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilipdi. Şonuň netijesinde, 2026-njy ýylyň maý aýynda halkara maksatnamasynyň çäklerinde Russiýadan Gazagystana jemi dört sany Amur gaplaňy getirildi.
PDF








