Polşaly uzak aralyklara ýüzüji Bartlomeý Kubkowski Baltika deňzini üstünlikli ýüzüp geçmegi başardy. Ol Şwesiýanyň kenaryndan Polşanyň Dziwnuw şäherine çenli bolan, takmynan, 160 kilometrlik aralygy 55 sagadyň dowamynda geçdi.

Bäşinji synanyşygynda bu sepgide ýetmegi başaran türgen 31-nji iýulda ýola düşüp, 2-nji awgust agşamy pellehana geldi. Ýüzüşiň dowamynda ol hiç hili säginmän, ýany bilen barýan gaýyga el degirmän hereket etdi. Türgeniň iýmitlenmegi hem ýörite turbajygyň kömegi bilen amala aşyryldy.

“Ultra Baltic Swim” taslamasynyň çäklerinde geçirilen bu çäre “Cancer Fighters” gaznasyna goldaw bermek maksady bilen guraldy. Aksiýanyň dowamynda gaznanyň hemaýatyndaky adamlar üçin haýyr-sahawat serişdeleri toplandy.