5-nji awgustda “STAR.VISION” kompaniýasy Hytaýyň Şandun welaýatynyň kenarýakasynda “Samarkand-2028” we “Lampung-1” giperspektral emeli hemralaryny kosmosa uçurdy. Bu Özbegistanyň taryhynda milli kosmos maksatnamasyny ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrýan iň iri halkara taslamalaryň biridir, ol şeýle hem Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge ýardam edýär diýip, “Daryo.uz” habar berdi.
Taslamanyň çäklerinde “Özbekkosmos” agentliginiň hünärmenleri emeli hemranyň bort ulgamy üçin ýörite emeli aň nusgasyny işläp düzdüler. Bu tehnologiýa älemde giperspektral maglumatlary işlemek bilen, habarlary ibermegiň hem-de seljermegiň täsirliligini ýokarlandyrýar.
“Samarkand-2028” enjamy oba hojalykda, ekologiýada, tebigy gorlary hasaba almakda, suw gorlaryny dolandyrmakda, adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmakda, şähergurluşykda we beýleki wajyp strategik ugurlarda kosmos tehnologiýalaryny peýdalamak mümkinçiliklerini giňeldýär.
Kosmos enjamynyň “Samarkand-2028” ady simwoliki mana eýedir. Ol 2025-nji ýylda Sidneýde geçen Halkara astronawtiki kongresde (IAC) kabul edilen karar bilen baglydyr. Karara laýyklykda, 79-njy Halkara astronawtiki kongresi 2028-nji ýylda Samarkant şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
PDF








