UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Horwatiýada ýerli “Dinamo Zagreb” Litwanyň “Kaunas Žalgiris” toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi. Gollary Zaýs, MakKenna, Lisika, Stoýkowiç hem-de Kaçawenda öz atlaryna ýazdyrdylar. Tapgyryň garaşylmadyk netijesi Wengriýada hasaba alyndy. Serbiýanyň çempiony “Srwena Zwezda” Ysraýylyň “Hapoel Be’er Şewa” toparyndan 1-0 hasabynda asgyn geldi. Şeýle hasap bilen Bolgariýanyň çempiony “Lewski” topary Sofiýada Gazagystanyň çempiony “Kairaty” Seržinionyň 90+2-nji minutda geçiren goly esasynda ýeňdi.

Ermenistanyň “Ararat-Armenia” topary öz meýdançasynda Sloweniýanyň “Selýe” toparyny 2-1 hasabynda utdy. Slowakiýanyň çempiony “Slowan Bratislawa” myhmançylykda Şwesiýanyň çempiony “Mýallbýuny” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Daniýanyň çempiony AGF topary öz meýdançasynda Azerbaýjanyň çempiony “Sabah” toparyny Bogoreniň 32-nji we 63-nji minutda geçiren gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.

Çempion däl toparlaryň arasynda “Ýunion Sent-Žilluaz” – “Bude-Glimt” duşuşygynda janköýerler 6 goluň şaýady bolup, oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymda 2 gezek öňe geçen “Bude-Glimt” topary oýnuň ahyrynda hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýelerinden Florukz (25, 45+4) bilen Dewid (88), myhmanlardan Berg (20), Blomberg (29 p) hem-de Býortuft (90+1) tapawutlandy.

Türkiýäniň wise-çempiony “Fenerbahçe” topary öz meýdançasynda Awstriýanyň “Şturm Gras” toparyny Talişka hem-de Grinwudyň gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňdi.

Çehiýada “Sparta” topary Fransiýanyň “Lion” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy (Rineş 63, Merkado 69 – Suhomel 45 ö.d.). “Olimpiakos” bilen Niderlandlaryň wekili NEK toparynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady.

Jogap duşuşyklary 11-nji awgustda oýnalar.

 

Dinamo Zagreb (Horwatiýa) – Kaunas Žalgiris (Litwa): 5-0

Mýallbýu (Şwesiýa)– Slowan Bratislawa (Slowakiýa): 1-2

Lewski Sofiýa (Bolgariýa) – Kairat (Gazagystan): 1-0

AGF (Daniýa) – Sabah (Azerbaýjan): 2-1

Ararat-Armenia (Ermenistan) – Selýe (Sloweniýa): 2-1

Hapoel Be’er Şewa (Ysraýyl) – Srwena Zwezda (Serbiýa): 1-0

 

Sparta Praga – Lion: 2-1

Ýunion Sent Žilluaz – Bude-Glimt: 3-3

Olimpiakos – NEK: 0-0

Fenerbahçe – Şturm Gras: 2-0