Tebigy täsinlik
Günorta Amerikanyň merkezinde ýerleşýän Pantanal owadan tebigy täsinlikleriň biridir. Bu tropik batgalyk Braziliýanyň, gündogar Boliwiýanyň we Paragwaýyň giň suwly meýdanlaryny öz içine alýar. Her ýyl suw joşmalary bilen ýüzbe-ýüz bolýan bu batgalygyň tutýan çägi ulalyp-kiçelip durýar. Pantanal portugal dilindäki «pântano» sözünden gelip çykyp, «batgalyk» diýmegi aňladýar. 210 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýän tropik batgalyk Paragwaý derýasynyň Kuýaba, San-Lurensu we Takuari şahalary arkaly iýmitlenýär. Braziliýanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Pantanal 187,818 gektar kölleri, derýalary, düzlükleridir tokaýlary öz içine alýar. Ýylyň guraklyk möwsüminde batgalykda sawannalar, otluk meýdanlar, lagunlar we köller peýda bolýar.
Ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bu ýerde dynç almak, gezelenç etmek ýatdan çykmajak duýgulary hödürleýär. Tebigaty öwrenijileri, suratçylary we eko-syýahatçylary haýran galdyrýan batgalykda ösümlikleriň 3 müň 500, guşlaryň 656, balyklaryň 325, süýdemdirijileriň 159, amfibiýalaryň 53 we süýrenijileriň 98 görnüşi ýaşaýar. Batgalykda leňňeç iýýän tilki, günorta tamanduasy, brazil tapiri, kapibara, Günorta Amerika koati, kapuçin maýmyny, gara maýmyn, toko tukany, sary anakonda, ýaşyl iguanalar we köp sanly kaýman (krokodil) duş gelýär. Batgalykda ýyrtyjylaryň köp bolmagy ekoulgamyň çylşyrymlydygyndan habar berýär. Batgalykda seýrek duş gelýän jandarlardan gyrmyzy it, batgalyk keýigi we ägirt uly armadillo hem ýaşaýar. Demirgazyk Amerika göçüp barýan ýüzlerçe guş Pantanalda düşläp geçýär. Tropik batgalykda ýaşaýan sümbül makau (iň uly toty), hindi towugyna meňzeş guan ýitip gitmek howpy abanýan guşlar hasaplanýar. Şeýle hem balykçy bürgüt (ospreý) we gyzyl boýunly uzyn leglek (jabiru) duş gelýär.
Agramy 160 kilograma, uzynlygy 2,7 metre çenli ýetýän, owadan guýrugy bilen tapawutlanýan ýaguarlar batgalygyň bezegi hasaplanýar. Amerikanyň iň uly pişigi bolan ýaguarlar ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň biridir. Batgalykda krokodile meňzeş, kaýman diýlip atlandyrylýan uzynlygy 2-2,5 metre ýetýän süýrenijiler has köp duş gelýär. Pantanal sebitinde ýaşaýan ilatyň bellemegine görä, kaýmanlaryň sany 35 milliondan geçýär. Äpet süýrenijiler batgalygyň ähli ýerinde – köllerde, lagunlarda, derýanyň kenarlarynda we tokaýlyklarda duş gelýär. Şol sebäpli syýahatçylar ýörite ýolbeletleriň kömegi arkaly seýilgählere gezelenç edýärler.
Tropik batgalykda ýaşaýan täsin jandarlaryň ýene biri hem ägirt uly garynja iýýän jandardyr. Uzyndan inçe burunly, kiçijik gözli we gulakly, hüžžerip duran guýrukly bu jandar her gün 30 müňe çenli mör-möjek iýýär. Batgalykda agaçlaryň arasynda sallanyp duran sary anakondany göreniňde, endamyň tikenekläp gidýär. Ýöne bu uzyn süýrenijiler zähersizdigi sebäpli adama howpsuz hasaplanýar. Batgalykda sary anakondadan başga, ýaşyl anakonda hem duş gelýär. Uzynlygy 9 metre, agramy 250 kilograma ýetýän bu ýylanlar balyk we suw jandarlary bilen iýmitlenýärler. Pantanala her ýyl 1 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
PDF








