Ispaniýanyň “Real Madrid” topary şu tomusdaky 7-nji transferini amala aşyrdy. Ispan kluby Germaniýanyň “Leipsig” toparynyň kot-d’iwuarly ýyldyzy Ýan Diomandeni düzümine goşandygyny mälim etdi. Madridliler 19 ýaşyndaky oýunçynyň transferi üçin nemes klubuna 125 million ýewro berer. Ýene-de 15 million ýewro goşmaça tölegleriň bolmagy hem mümkin. Topar Diomande bilen 7 ýyllyk şertnama baglaşdy.

ABŞ-nyň aşaky ligalarynyň “AS Firenzi” toparynda futbola başlan Ýan Diomande Ispaniýanyň “Leganes” toparynda gysga wagtlyk çykyş edýär. Ýagny ýaş oýunçynyň az hem bolsa “La Liga” tejribesi bar. Geçen tomusda 20 million ýewro transfer tölegi bilen “Leipsige” geçen Diomande bu klubda 36 oýunda 13 goly derwezä girizdi.

Diomande Kot-d’Iwuaryň ýygyndysynda 14 oýunda 3 gol geçirdi. Ol Dünýä Kubogynda hem çykyş edipdi.

Diomande “Real Madridiň” taryhyndaky iň gymmat transfer bolup (Jud Bellingamyň rekordyny täzeledi), ispan kluby bilen şertnama baglaşan ilkinji kot-d’iwuarly futbolçy diýlip hasaba alyndy. Şeýle-de, Diomande transferine iň köp pul tölenen afrikaly futbolçy bolup, ol bu ugurda Nikolas Pepeniň rekordyny (80 million ýewro) uly aratapawut bilen täzeledi.

Diomandeni transfer etmek isleýän klublaryň hatarynda PSŽ, şol sanda iňlis toparlary hem bardy.