Belgiýada şu ýylyň ilkinji alty aýynda 134 müň 178 sany stasionar serginlediji ornaşdyrylyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47% artyp, rekord derejä ýetdi. Bu barada Belgiýanyň «Belga» habarlar gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurtda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli sowadyjy ulgamlara bolan isleg ep-esli artdy. Ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda her gün ortaça 740-dan gowrak enjam gurnaldy. Şunda köp ýagdaýlarda bir ulgama birnäçe içerki bölek çatyp ulanyldy – alty aýyň içinde şeýle ulgamlaryň 76 müň 180-si ornaşdyryldy.

Yglan edilen sanlar ýurtda bolup geçen jokrama yssynyň iki tolkunynyň täsirini doly öz içine almaýar. Iýun aýynyň soňky hepdesinde we iýulda Ýewropanyň köp sebitlerinde howanyň temperaturasy kadadan ep-esli ýokary geçip, degişli rekordlar hasaba alyndy. Aňrybaş yssy howa sebäpli Belgiýada köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi ýatyryldy.