Günorta Kawkazda durnukly parahatçylygy üpjün etmek ugrunda tagalla edýän Azerbaýjany we Ermenistany goldamak maksady bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan 201 million dollar möçberinde serişde bölüp bermek barada karar kabul edildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Transhazar başlangyçlary gaznasynyň tassyklanandygyny we onuň Orta geçelge arkaly hususy pudagyň maýa goýumlaryny höweslendirjekdigini bildirdi. Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk ylalaşyklarynyň bir ýyllygy mynasybetli beren beýanatynda Rubio bu taslamanyň diňe bir ulag-logistika taslamasy bolman, eýsem, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy we durnuklylygy berkitmäge goşant goşjakdygyny nygtady. Gazna Günorta Kawkazy Aziýa bilen birleşdirýän söwda ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.