8-nji awgustda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda amerikan Lideri Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanyny G20 sammitine çagyrdy. Taraplar ABŞ-nyň araçyllygynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy ýola goýan Waşington sammitinden bäri bir ýylyň geçendigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Olar sebitde durnuklylygyň üpjün edilendigini, şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň oňyn ösýändigini bellediler. Söhbetdeşlikde sebitara arabaglanyşyk nukdaýnazaryndan TRIPP taslamasynyň ähmiýeti hem nygtaldy.
PDF








