Türkiýäniň Manisa welaýatynyň gadymy Sardy şäherinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda B.e.ň. 470-450-nji ýyllara degişli ýaş ýigidiň mermer heýkeli tapyldy. Boýy 2,2 metre ýetýän bu artefakt barada ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi. Alymlaryň bellemegine görä, Rim döwründe köçä düşelip, ýüzi aşak öwrülip goýlandygy sebäpli heýkel asyrlaryň dowamynda abat saklanyp galypdyr. Egeý we Lidiýa medeniýetleriniň özboluşly aýratynlyklaryny utgaşdyrýan bu seýrek eser dikeldiş işleri tamamlanandan soň Manisa muzeýine gowşurylar.