Wengriýanyň dolandyryjy «Tisa» partiýasy ýurduň Ýokary kazyýetiniň öňki başlygy Andraş Bakunyň dalaşgärligini Prezident wezipesine hödürledi. Bu barada partiýa fraksiýasynyň sosial torundaky resmi sahypasynda habar berilýär. Döwlet Baştutanyny saýlamak boýunça parlamentde ses berişligiň 11-nji awgustda geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenilýär.

Täze döwlet Baştutanynyň saýlanmagy häzirki Prezident Tamaş Şuýokyň ygtyýarlylyk möhletiniň 20-nji iýulda tamamlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklyda, parlament Prezidentiň mandaty gutarandan soňky 30 günüň dowamynda täze döwlet Baştutanyny saýlamaga borçludyr. Dalaşgär hödürlenen 73 ýaşly Andraş Baku 2009-2011-nji ýyllar aralygynda Wengriýanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ondan öň bolsa 17 ýylyň dowamynda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça kazyýetiniň kazysy wezipesinde zähmet çekipdi.

Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylyň maý aýynda Wengriýada Premýer-ministr Wiktor Orbanyň 16 ýyllyk dolandyryşy tamamlanyp, Peter Madýaryň ýolbaşçylygyndaky täze koalision Hökümet iş başyna geçipdi. Täze Hökümet Baştutanynyň kasam kabul edişlik dabarasynda 12 ýyldan soň ilkinji gezek Wengriýanyň parlament binasynyň üstünde Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy galdyryldy.