Amerikaly işewür hem-de milliarder Ilon Mask X sosial torunda Tehas ştatynda guruljak “Terafab” atly çip önümçilik kärhanasynyň taslamasynyň wideosyny ýerleşdirdi. Ol wideonyň aşagynda: «Terafab dünýäde iň uly we gymmatly bina bolar» diýip ýazdy.
Maskyň SpaceX kompaniýasynyň saýtynda zawodyň meýdanynyň 9,3 million inedördül metr boljakdygy bellenýär. Netijede, “Terafab” dünýäde çip öndürýän iň uly zawod bolar. Onuň önümleri robotlaşdyrylan “Cybercab” taksilerinde, “Optimus” adampisint robotlarynda, şeýle hem SpaceX kompaniýasynyň kosmos merkezlerinde maglumatlary gaýtadan işlemek üçin peýdalanylar.
SpaceX kompaniýasynyň Tehas ştatynyň Graýms okrugynyň ýerli häkimiýetlerine tanyşdyran resminamalarynda täze kärhananyň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynyň umumy bahasynyň 119 milliard amerikan dollaryna deň boljakdygy aýdylýar.
PDF








