Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada geçirilen bu aýdym-saz bäsleşigini diňlemäge uly mähelle ýygnandy.
Bäsleşige gatnaşyjylar gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli mirasymyzy wasp edýän aýdymlary täze öwüşginler esasynda ýerine ýetirdiler. Her bir aýdymçynyň özboluşly owazy, äheňi we sahnada özüni alyp barşy emin agzalarynyň nazaryndan sypmady. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna barylýan döwürde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, wasp edilýän ösüşler, üstünlikler bu ýere ýygnanan märekä ýatdan çykmajak ruhy lezzet paýlady. Ýerine ýetirilen tanslar hem göwün göteriji ýagdaýda boldy.
Emin agzalaryna ýeňijileri saýlamak aňsat düşmedi. Şeýle-de bolsa ýurdumyzyň halypa sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine görä, Dänew etrabynyň «Ýyldyz» geňeşliginde ýaşaýan Atamyrat Muhtarow we Halaç etrabynyň Medeniýet merkezinde işleýän Jumageldi Babaýew dagy bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Atamyradyň ýerine ýetiren «Humaý gözli», Jumageldiniň aýdan «Läläm» diýen aýdymlary hemmeleriň göwnünden turdy.
PDF








