Ýy­lyň dür­li pas­lyn­da dür­li mi­we­le­riň ha­sy­ly ýygnal­ýar. Gyş­da be­de­ni­mi­ze ge­rek bol­ýan С wi­ta­mi­ni­ne baý sit­rus önüm­le­ri güý­züň ahy­ryn­da ýe­tiş­ýän bol­sa, tom­suň il­kin­ji aý­la­ryn­da erik­dir alma ýa­ly mi­we­ler biş­ýär. Tom­suň ahy­ryn­da, güý­züň ba­şyn­da kal­siý we fos­for mad­da­la­ry­na baý mi­we­dir gök önüm­le­riň ha­sy­ly alyn­ýar. Şeý­le mi­we­le­riň bi­ri bo­lan in­jir adam­zat ta­ry­hy­nyň ir­ki dö­wür­le­rin­den bä­ri azyk­lyk hem-de der­man­lyk mi­we hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Dün­ýä­de 700-den gow­rak gör­nü­şi bo­lan in­ji­riň iý­mit zyn­jy­ryn­da­ky äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Bu mi­weden we onuň aga­jyn­dan 1200 jan­dar iý­mit­len­ýär. Ol bir­nä­çe aý­lap mi­we ber­ýän­di­gi se­bäp­li be­re­ke­diň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar. In­jir beý­le­ki mi­we­dir gök önüm­le­riň ýe­tiş­me­ýän ýe­rin­de hem ös­ýär. Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Azi­ýa­da we Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ryn­da ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän agaç gy­şy­na ma­ýyl, tom­su­na ys­sy ho­wa­ny ha­la­ýar. Ony ortaça 15-20 de­re­jeli howada ýe­tiş­di­rip bol­ýar. In­ji­riň gül­le­ri boş mi­we­le­ri­niň için­de bol­ýar. Şol se­bäp­li onuň gül­le­män ös­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Dür­li top­rak gör­nüş­in­de, hat­da be­ýik dag­la­ryň etek­le­rin­de daş­la­ryň ara­syn­da hem kök urup bilýär. He­kli top­rak­da has gys­ga wagt­da boý al­ýar. Onuň ýap­rak­la­ry gy­şy­na düş­ýär. In­jir aga­jy­nyň iň uzyn gör­nüşi Hin­dis­tan­da ýe­tiş­ýär. Ban­ýan at­ly bu in­ji­riň bo­ýy 20 met­re çen­li bo­lup, bir­nä­çe asyr­lap ýa­şa­ýar. Baş­ga jan­dar­la­ry iý­mit­len­dir­mek­de beý­le­ki äh­li ösüm­lik­ler­den öňe saý­lan­ýar. In­jir bi­len iý­mit­len­ýän jan­dar­la­ryň eko­lo­gi­ýa uly peý­da ber­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Şol se­bäp­li kä­bir alym­lar in­ji­riň ýok bo­lan ýag­da­ýyn­da, te­bi­ga­tyň ýok bol­jak­dy­gy­ baradaky pikiri öňe sür­ýär­ler. Wul­kan­la­ryň atyl­ýan ýer­le­rin­de to­kaý­da­ky äh­li ösüm­lik­ler ýa­nyp ýok bo­la­nyn­dan soň­ra, il­ki bi­len, in­jir gaý­ta­dan ösüp baş­la­ýar we beý­le­ki ösüm­lik­le­riň hem ös­me­gi üçin şert dö­red­ýär. Gys­ga­ça aý­dy­lan­da, edil ary­lar ýa­ly in­jir hem beý­le­ki jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
In­ji­riň ter we guradylan mi­we­si fi­zi­ki we ze­hin taý­dan ada­ma peý­da­ly bo­lup, ýa­daw­ly­gy­ňy aýyr­ýar. Ada­myň beý­ni­si­niň ös­me­gi­, huş­suz­ly­gyň öňü­ni al­ma­gy we beý­le­ki bir­nä­çe peý­dasy bar. Mi­we­si, çi­gi­di, ga­by­gy, ýap­ra­gy, şep­bi­gi we kö­ki der­man önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­nyl­ýar.