Kriştiano Ronaldo bilen Jorjina Rodriges on ýyllyk gatnaşykdan soň Portugaliýada ýapyk ýagdaýda resmi är-aýal boldular. Çäre maşgala agzalarynyň we çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilip, jübütler bu şatlykly habary sosial torlarda nika ýüzükleriniň suratyny paýlaşmak arkaly köpçülige ýetirdiler.
Mundan ozal, metbugatda we sosial ulgamlarda olaryň toýunyň 2026-njy ýylyň tomsunda boljakdygy barada dürli çaklamalar hem-de köp sanly myhmanlaryň sanawy ýaýrapdy. Hatda toý dabarasy 8-nji awgustda futbolçynyň dogduk şäheri Funşal şäherindäki kafedral ybadathanada bolar diýen ýalan maglumatlar hem ýaýrap, şäheriň ýaşaýjylarynyň we muşdaklarynyň müňlerçesiniň ýygnanmagyna sebäp boldy.
Olar ilkinji gezek 2016-njy ýylda Madriddäki «Gucci» dükanynda tanşyp, wagtyň geçmegi bilen gatnaşyklaryny berkitdiler. 2017-nji ýylyň noýabrynda olaryň gyzy Alana Martina, 2022-nji ýylyň aprelinde bolsa ekiz çagalary dünýä indi, ýöne ekizleriň biri Anhel aradan çykyp, gyzjagazy Bella Esmeralda diri galdy. Bulardan başga-da surrogat eneden ekiz çagasy – bir ogly, bir gyzy, Ronaldonyň ozalky gatnaşygyndan bir ogly – jemi 5 çagasy bar.
Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýän portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu ozal «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid» we «Ýuwentus» klublarynda oýnap, karýerasy dowamynda bäş gezek «Altyn top» baýragyny gazandy hem-de futbol taryhynda iň netijeli bombardirleriň biri hökmünde ykrar edildi.
PDF








