1971-nji ýylda Niderlandlaryň “De Telegraaf” gazetiniň sport žurnalisti, soň sport redaktory bolan Anton Witkamp tarapyndan Ýewropanyň futbol assosiasiýasyna UEFA Super Kubogy duşuşygyny döretmek barada teklip edilýär. Şol wagtlar “Aýaks” yzly-yzyna 3 gezek UEFA Çempionlar Ligasynda ýeňiji bolupdy. UEFA Witkampyň teklibini kabul etmeýär. Ýöne şonda-da 1972-nji ýylda “Aýaks” bilen “Reýnjers” duşuşýar we amsterdamlylar 2 oýnuň netijesi boýunça 6-3 hasabynda üstün çykyp, kubogy eýeleýär. “De Telegraaf” gazetiniň hemaýatkärliginde geçirilen bu oýny UEFA resmi ýagdaýda tassyklamaýar. Sebäbi “Reýnjers” topary Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda toparyň janköýerleriniň bitertip hereketlerini nazarda tutup, kluba jerime salýar. UEFA 1973-nji ýyldan başlap, UEFA Super Kubogyny tassyklap başlaýar. Resmi tassyklanan ilkinji UEFA Super Kubogyna “Aýaks” mynasyp bolup, olar UEFA Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýeňijisi Milany 1-nji oýunda utulsa-da (1-0), 2-nji oýunda uly hasap (6-0) bilen ýeňlişe sezewar edýär.
UEFA Super Kubogy duşuşygy 1997-nji ýyla çenli 2 duşuşyk esasynda geçirilýär. Ýagny Çempionlar Ligasynyň hem-de Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýeňijisiniň meýdançasynda oýnalar. 1998-nji ýyldan başlap, duşuşyklar Monakonyň paýtagty Monte Karlodaky “Stade Louis II” stadionynda geçirilýär. 1999-njy ýylda Kubokçylaryň Kubogy ýaryşy soňky gezek geçirilip, mundan soň UEFA Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi bilen UEFA Kubogynyň (häzirki Ýewropa Ligasynyň) ýeňijisi bilen oýnalmaly edilýär. Duşuşyk 2013-nji ýyldan başlabam Ýewropanyň dürli şäherlerindäki stadionlarda geçirilip başlanýar.
UEFA Super Kubogy duşuşygy 1974-nji, 1981-nji hem-de 1985-nji ýyllarda dürli sebäplere görä, oýnalmaýar. Şu wagta çenli 50 gezek geçirilip, bu kubogy 30 sapar Çempionlar Ligasynyň çempiony gazanýar. UEFA Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýeňijileri 12, Ýewropa Ligasynyň çempionlary-da 8 gezek kubogy asmana göterýär. Soňky gezek Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi 2018-nji ýylda kubogy eýeläpdi (“Atletiko Madrid”).
Bu kubogy şu wagta çenli 12 ýurtdan 25 klub gazanmagy başarýar. Iň köp “Real Madrid” kluby gazanyp, olar 6 gezek ýeňiji bolýar (2002, 2014, 2016, 2017, 2022, 2024). “Milandyr” (1989, 1990, 1994, 2003, 2007) “Barselonanyň” (1992, 1997, 2009, 2011, 2015) 5 ýeňşi bolup, “Liwerpul” (1977, 2001, 2005, 2019) 4, “Atletiko Madrid” (2010, 2012, 2018) 3, “Aýaks” (1973, 1995), “Anderleht” (1976, 1978), “Bawariýa” (2013, 2020), “Çelsi” (1998, 2021), “Ýuwentus” (1984, 1996) hem-de “Walensiýa” (1980, 2004) klublary 2 gezek UEFA Super Kubogyny eýeleýär. “Dinamo Kiýew” (1975), “Nottingham Forest” (1979), “Aston Willa” (1982), “Aberdin” (1983), “Stýaua” (1986), “Porto” (1987), “Mehelen” (1988), “Mançester Ýunaýted” (1991), “Parma” (1993), “Lasio” (1999), “Galatasaraý” (2000), “Sewilýa” (2006), “Zenit” (2008), “Mançester Siti” (2023) hem-de PSŽ (2025) toparlary bolsa 1 gezek bu arzyly kubogy gazanýar.
“Sewilýa” 6 gezek UEFA Super Kubogy duşuşygynda ýeňlip, bu ugurda öňde barýar. “Barselona” 4, “Real Madrid”, “Çelsi”, “Bawariýa”, “Porto” hem-de “Mançester Ýunaýted” 3, “Milan” we “Liwerpul” 2 gezek ýeňlişe sezewar bolýar. Germaniýanyň “Hamburg” topary kubogy gazanyp bilmedik klublaryň arasynda 2 gezek asgyn gelen ýeke-täk topardyr. PSW, “Sampdoriýa”, “Srwena Zwezda”, “Werder”, “Arsenal”, “Saragosa”, “Borussiýa Dortmund”, “Feýenoord”, SSKA Moskwa”, “Şahtýor Donesk”, “Inter”, “Wilýarreal”, “Aýntraht”, “Atalanta” hem-de “Tottenham” toparlary-da UEFA Super Kubogyny gazanmak mümkinçiligine 1 gezek eýe bolup, garşydaşlaryndan utulýar.
PDF








