Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda uly üstünlige eýe boldy. “Arkadag” şäherinde Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşan Türkmenistanyň çempiony 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. Ýöne 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen türkmen futbolçylary jogapsyz 3 gol geçirmegi başardy. Gollary 61-nji minutda Meýlis Diniýew, 65-nji minutda Rahman Myratberdiýew hem-de 75-nji minutda Arzuwguly Sapargulyýew öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, “Arkadag” topary bassyr 2-nji gezek AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.

Toparçalaýyn tapgyrda Gündogar we Günbatar sebitleriniň hersinde 16 topar bolup, olar her sebit üçin aýratynlykda 4 toparça paýlanar. Toparçalaýyn tapgyryň bije çekiliş 18-nji awgustda geçiriler.
Günbatar sebiti
1-nji torba: “Al Jazira” (BAE), “Al-Hussein” (Iordaniýa), “Al-Tawun” (Saud Arabystany), “Al-Wahda” (BAE)
2-nji torba: “Al-Raýýan” (Katar), “Gol Gohar” (Eýran), “Nasaf” (Özbegistan), “Al-Şorta” (Yrak)
3-nji torba: “Al-Faýsaly” (Iordaniýa), Al-Muharrak” (Bahreýn), “Al-Sib” (Oman), “Al-Kuwait” (Kuweýt)
4-nji torba: “Al-Haldiýa” (Bahreýn), “Al-Nahda” (Oman), “Ist Bengal” (Hindistan), “Arkadag” (Türkmenistan)
Gündogar sebiti
1-nji torba: “Kaşima Antlers” (Ýaponiýa), “Çeonbuk Hýundai Motors” (Koreýa Respublikasy), “Buriram Ýunaýted” (Tailand), “Şanhai Port” (Hytaý)
2-nji torba: “Nýukasl Jets” (Awstraliýa), “Johor Darul Ta’zim” (Malaýziýa), “Wissel Kobe” (Ýaponiýa), “Tedjon Hana Sitizen” (Koreýa Respublikasy)
3-nji torba: “Port” (Tailand), “Beižing Guaon” (Hytaý), “Kaşiwa Reýsol” (Ýaponiýa), “Phohan Stilers” (Koreýa Respublikasy)
4-nji torba: “Ratçaburi” (Tailand), “Kýoto Sanga” (Ýaponiýa), “Gamba Osaka” (Ýaponiýa), “Gongan Hanoi” (Wýetnam)
PDF








