Şu günler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlin şäherinde «Young Euro Classic» atly halkara ýaşlar orkestrleriniň festiwaly geçirilýär. «Konzerthaus» atly konsert zalynda guralan çärä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan zehinli sazandalar gatnaşýarlar. 30-njy iýuldan 16-njy awgust aralygynda geçirilýän ýurdumyzdan Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri wekilçilik etdi. Ýaş sazandalarymyzyň döredijilik sapary şu ýylyň 8 — 10-njy awgust aralygynda guraldy. Ýaş ýerine ýetirijiler üçin zehin-başarnygyny görkezmekde halkara ähmiýetli sungat baýramçylygy şu ýyl 27-nji gezek geçirilýär.
2000-nji ýylda esaslandyrylan festiwala gatnaşmak her bir ýaş sungat adamynyň ykbalynda täze gözýetimleri açýar. Muny onuň «Ýaşlaryň geljegi şu ýerde başlanýar» diýen şygary-da tassyklaýar. Çäräniň maksady dürli ýurtlardan zehinli ýaş sazandalary bir sahnada birleşdirmekden, nusgawy saz sungatyny ösdürmekden, medeni alyşmalary ýaýbaňlandyrmakdan, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr. Gadymy sahnada dürli ýurtlaryň iň tanymal ýaşlar orkestrleri çykyş edýärler, kompozitorlarynyň täze eserleri ilkinji gezek sungat muşdaklaryna ýetirilýär. Onuň ýene bir esasy aýratynlygy ýaş sazandalara dürli halklaryň sungat wekilleri bilen duşuşmaga, pikir-tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ajaýyp mümkinçiligi döredýändigidir. Festiwalda bilermenler topary tarapyndan gatnaşyjylaryň arasyndan dünýäniň iň naýbaşy ýaşlar orkestri saýlanyp-seçilýär.
Halkara saz baýramçylygynda 9-njy awgustda Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri çykyş etdi. Türkmenistanly ýaş sazandalaryň Ýewropanyň ýüreginde ýaňlandyran dostluk mukamlary festiwala gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Döredijilik toparynyň düzümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan hem-de Döwlet simfoniki orkestriniň zehinli sazandalaryndan ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi. Ýaş nemes sazandalaryny höweslendirmek maksatnamasynyň çäklerinde tejribe alyşmak maksady bilen, zehinli sazanda Ýakob Sili türkmen orkestriniň düzüminde çykyş etdi.
Konserte 1 müň 300-e golaý tomaşaçynyň hatarynda Berlinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, tanymal sazandalar we Germaniýanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler hem muşdaklyk etdi. Onuň maksatnamasynda Çary Nurymowyň joşgunly fortepiano konserti, Weli Muhadowyň «Meniň Watanym» simfoniki poemasy, Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan» simfoniki şekilleri hem-de «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmleriniň unudylmajak sazlary, dünýä saz sungatynyň dürdäne eserleri orun aldy. Festiwalyň şertine laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri ýaş amerikan kompozitory Aýdan Golduň Watanymyzyň tebigy gözelligini döwrebap saz dili bilen beýan edýän «Songs from Turkmenistan» (Türkmenistandan aýdymlar) hem-de fransuz kompozitory Pýer Tilluanyň çuňňur pelsepewi eserlerini Berlin sahnasynda ilkinji gezek Ýewropa diňleýjilerine ýetirdi.
Meksikaly kompozitor Arturo Markeziň «Danzon No. 2» atly şowhunly eseri konsertiň jemleýji çykyşy boldy. Festiwalyň guramaçylary, konserte gatnaşan sungaty söýüjiler türkmen sazlarynyň özboluşly dünýäsine, Türkmenistanyň ýaşlar orkestriniň we onuň dirižýory Resul Gylyjowyň olary ýerine ýetiriş ussatlygyna ýokary baha berdiler. Halkara saz forumynyň netijeleri 16-njy awgustda jemlener. Oňa ýurdumyzyň ýaşlardan ybarat döredijilik toparynyň gatnaşmagy türkmen saz sungatynyň halkara medeni giňişligindäki ornunyň has-da pugtalanýandygyny görkezýär.
PDF








