12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler kesgitlenildi.

Şeýle hem halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda ekologiýa ýagdaýlarynyň hem-de Hazar sebitiniň durnukly ösüş ýörelgeleriniň nazara alynmagynyň möhümdigi bellenildi.