Berkarar Watanymyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 5-nji awgustda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli tegelek stoluň başyndaky maslahatynda hem enäniň we çaganyň saglygyny gorap saklamak boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şu mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde wagyz-nesihat çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Köneürgenç etrabyndaky Pagta egriji fabriginde Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Köneürgenç etrap bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamaklygynda “Sagdyn ene, sagdyn çaga, sagdyn geljek” atly tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Geçirilen maslahata etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Köneürgenç etrap häkimliginiň baş hünärmeni, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Meňli Şamedowa, etrabyň 32-nji orta mekdebiniň mugallymy, Arazgül Otuzowa, etrap Bilim bölüminiň hünärmeni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýgözel Kutlyýewa, Köneürgenç etrap hassahanasynyň lukmany Maýsa Saparowa, TDP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni Bilbil Hajyýewa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli tegelek stoluň başyndaky maslahatynyň geçirilendigi, onuň dowamynda enäniň we çaganyň saglygyny goramakda boýunça  derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdylyp, her bir raýatyň saglygy, abadan durmuşy barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni etrap zenanlar guramanyň kätibi.