Şu gün 19-njy awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, ýurdumyzyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarka gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda şeýle sözler bar: Häzirki döwrüň bilim ulgamy sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwrülip, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýar. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Munuň şeýledigine şu gün dabaraly açylyp, öz işine başlaýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň mysalynda-da doly göz ýetirmek bolýar.

Sergi-ýarmarka 22-nji awgustda öz işini tamamlaýar.