Ispaniýanyň “Barselona” topary ahyry arzuwyna ýetdi. Katalonlar “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýyldyzy Rodrini (doly ady Rodrigo Hernandes Kaskante) düzümine goşdy. “Barselona” topary 30 ýaşyndaky ýarymgoragçynyň transferi üçin iňlis klubuna 60+15 million ýewro berer. Rodri “Barselona” bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol katalonlaryň düzüminde 16-njy belgili köýnekçäni geýer.
2014-nji ýylda “Wilýarrealyň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Rodri 3 möwsüm “Wilýarreal” toparynda oýnady. 1 möwsüm “Atletiko Madridiň” köýnekçesini geýip, 2019-njy ýylyň tomsunda “Mançester Siti” toparyna transfer boldy. Bu klubda 8 möwsüm çykyş eden Rodri 298 duşuşykda 28 gezek tapawutlandy. Ol şäherlileriň düzüminde 13 kubok gazandy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynda şu wagta çenli 70 gezek meýdança çykan Rodri 2023-nji ýylda UEFA Milletler Ligasynda, 2024-nji ýylda Ýewropa çempionatynda hem-de şu ýyl Dünýä Kubogynda çempionlyga mynasyp boldy. 2024-nji ýylda “Altyn top” baýragyny gazanan Rodri şu Dünýä Kubogynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Rodrini “Real Madrid” hem transfer etmek isläpdi. “Mançester Siti” topary Barselonanyň başdaky tekliplerinden ýüz öwrüpdi.
PDF








