Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 30-31-nji awgust we 1-nji sentýabr aralygynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) sammiti hem-de Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçirilişi sebäpli, ýurduň Prezidentiniň metbugat sekretary Askat Alagozow ýerli ýaşaýjylara ýüzlenip, mümkinçilik bolan ýagdaýynda bu günlerde şäherden daşarda – Yssyk-kölde ýa-da başga bir dynç alyş ýerlerinde bolmagy haýyş etdi.
Munuň sebäbi ilkinji gezek Gyrgyzystanyň 21 döwletiň Baştutanyny kabul etjekdigi, şol sanda käbir liderleriň resmi saparlar bilen gelýändigi we giň möçberli halkara çäreleriň geçirilýändigi bilen bagly bolup, paýtagtyň esasy magistrallarynda wagtlaýyn hereket çäklendirmeleri hem-de güýçlendirlen howpsuzlyk çäreleri giriziler.
PDF








