19-njy awgustda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde BMG-niň Biodürlülik hakyndaky konwensiýasynyň Taraplarynyň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäginde durnukly maliýeleşdirmäge bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirilýär. Iki günlük duşuşyk syýasy we maliýe düzümleriniň hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de ýer we tebigy serişdelere goýulýan maýa goýumlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Ýurduň «Monle» habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, «Ýaşyl zolakda» guralan bu forumda halkara we ýerli maliýe institutlarynyň, bank ulgamlarynyň, telekeçilik hem-de daşky gurşawy goraýyş guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çäräniň dowamynda durnukly öri meýdan hojalygy, suw serişdelerini dolandyrmak, «ýaşyl maliýeleşdirme» we tebigat bilen bagly maliýe töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça amaly tejribeler hem-de täze maliýe çözgütleri hödürlenilýär.

Maslahatyň çäklerinde, şeýle hem, «Günüň astyndaky Mongoliýanyň maldarçylygy» atly ýörite çäre meýilleşdirilip, onda önümçilik maldarçylygy, durnukly jemgyýetler, öri meýdanlary dolandyrmagyň milli modeli we çölleşmäge garşy göreşmek boýunça netijeli strategiýalar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mundan başga-da, «Ýaşyl zolakda» ýerden peýdalanmak, ekoulgamlary dikeltmek, ýaşlaryň liderligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we zenanlaryň ekologiýa syýasatyndaky ornuny giňeltmek ýaly möhüm meselelere garalýar.

Forumyň dowamynda dürli şertnamalara hem gol çekildi.