Afrikanyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan Senegalda hem tälimçi çalyşdy. Dünýä Kubogynda 1/16 finalda Belgiýadan asgyn gelen Senegalyň milli toparynda Pape Tiaw wezipesinden gidipdi. Onuň ornuna fransiýaly Patrik Wieira Senegalyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi boldy. 50 ýaşyndaky Wieira 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Senegalyň paýtagty Dakarda dünýä inen Wieira futbolçylyk karýerasy boýunça “Kann”, “Milan”, “Arsenal”, “Ýuwentus”, “Inter” hem-de “Mançester Siti” klublarynyň köýnekçelerini geýdi. Tälimçilige “Nýu Ýork Siti” toparynda başlan asly senegally hünärmen “Nissa”, “Kristal Palas”, “Strasbur”, “Jenoa” ýaly klublary türgenleşdirdi.