«Heart Ae­ros­pace» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uçar sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Ag­ra­my 11 ton­na ba­ra­bar bo­lan ho­wa gä­mi­si Nýu-Ýork­da ge­çi­ri­len sy­nag­da 30 mi­nut uçu­ryl­dy. Se­bit­le­ýin gat­naw üçin ni­ýet­le­nen uça­ryň uçu­şyň do­wa­myn­da ba­ry-ýo­gy 5 dol­lar­lyk elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sarp eden­di­gi mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň gib­rid ýan­gyç­ly uça­ry­nyň ES-30 at­ly mo­de­li­niň ýan­gyjyň sarp edilişini
40 gö­te­rim azalt­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Şwe­si­ýa­nyň «Heart Ae­ros­pace» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan bu uça­ry­nyň ba­ta­re­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da uzak ara­ly­ga uç­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­me­ýär. Şol se­bäp­li bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň gib­rid uçar­lar­da ula­nyl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. «Heart Ae­ros­pace» 30 ýo­lag­çy orun­lyk uçar­la­ryň tä­jir­çi­lik mak­sat­ly önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy meýilleşdir­ýär. Uçar elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len 200 ki­lo­met­re, gib­rid usul­da 800 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bi­ler. Bu uçar­la­ryň 2028-nji ýyl­da önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­ma­gy­na, 2031-nji ýyl­da de­giş­li rug­sat­na­ma­la­ryň alyn­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uçar­lar awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. «Uni­ted Air­li­nes» «ES-30» uça­ryn­dan 100 sa­ny­sy­ny sa­tyn al­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. «Air Cana­da» we «Me­sa Air Group» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar hem bu uça­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýärler. Kom­pa­ni­ýa şeý­le uça­ry iş­läp taý­ýar­la­jak­dy­gy ba­ra­da 2021-nji ýyl­da mä­lim edip­di.