Howanyň maýlamagy we tehnologiýanyň ösmegi netijesinde Ýeriň sowuk ýerlerine syýahat artýar. Fransiýanyň «Ponant» kompaniýasy 2028-2029-njy syýahatçylyk möwsüminde Antarktida guraljak syýahatlaryň peteklerini satuwa çykardy. Kompaniýa jemi 4 gämi bilen Günorta polýusa 30-dan gowrak sapary amala aşyrar. Olaryň arasynda «Le Commandant Charcot» gämisi bilen amala aşyryljak syýahat has hem özüne çekiji hasaplanýar. Gäminiň ýolagçylary 60 günüň dowamynda Antarktidanyň daşyndan aýlanarlar.
«Ponant» 2028-nji ýylyň noýabryndan 2029-njy ýylyň mart aýlary aralygynda guraljak syýahatlary Antarktida ýarym adasy bilen Günorta Georgiýa, Folklend adalary, Weddell we Rossa deňizlerini hem-de Antarktidanyň gündogar kenarlaryny öz içine alar.
2029-njy ýylyň ýanwar aýynda
Argentinanyň Uşuaýa portundan başlajak syýahat 60 gün dowam eder. Bu syýahata gatnaşyjylar 23 müň kilometr ýol geçerler. Gämi Antarktidanyň kenarlary bilen gidip, Rossa deňzi, Erebus dagy we Adeli ýeri ýaly günorta polýusyň açylmagynda ähmiýetli hasaplanýan ýerleriň golaýyndan geçer.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.
PDF








