Norwegiýanyň Andenes obasynda 2027-nji ýylyň iýun aýynda açylmagy meýilleşdirilýän täze «The Whale» (Kit) atly tebigy-taryhy muzeýi ýurduň demirgazyk kenarýakasynyň esasy syýahatçylyk merkezine öwrüler. Daniýaly binagär Dorte Mandrup tarapyndan taslanan we daş-töwerekdäki tebigy landşafta kemsiz laýyk gelýän bu täsin binanyň üstüne çykyp, Atlantik ummanynyň we daglyklaryň haýran galdyryjy giňişliklerine syn etmek bolar. Petekleriň satuwyna şu ýylyň güýzünde başlanmagyna garaşylýar, onuň ulular üçin bahasy 540 norweg kronuna deň (takmynan 49 ýewro) bolar.
Dünýäniň iň uly süýdemdirijilerine bagyşlanan bu desgada ylym, sungat we binagärlik özara utgaşdyrylyp, sergi ýerleri dürli täsir ediji zolaklara bölündi. Muzeýde deňiz süýdemdirijileriniň tebigy ululykdaky agaç heýkelleri, dünýädäki kitleriň 90 görnüşini öz içine alýan galereýa, olaryň anatomiýasyny öwrenmäge niýetlenen bölümler hem-de umman çuňlugyny janlandyrýan ses we ýagtylyk gurşawy döredildi. Şeýle hem ýörite sergilerde bu jandarlar bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, senagat derejesindäki awçylygyň ýetirýän zyýany we oňa garşy göreş çäreleri giňden beýan edilýär.
Syýahatçylar muzeýe baryp görmek bilen çäklenmän, eýsem, Polýar tegeleginden 300 kilometr demirgazykda ýerleşýän bu sebitde öz bilimlerini tejribede synagdan geçirip bilerler. Andenes obasy ýylyň dowamynda kitleri synlamak üçin iň amatly ýerleriň biri bolup, “M/S Reine” gämisinde guralýan 3-4 sagatlyk ýörite gezelençleriň bahasy 1690 norweg kronuna (takmynan 154 ýewro) barabardyr. Mundan başga-da, bu ýerde kenarýaka tebigy gözelliklerinden lezzet alyp, Roýken dagynyň töweregindäki ýol arkaly pyýada gezip bolar ýa-da Moltinden dagyna çykyp bolar. Şeýle hem syýahatçylar özboluşly milli tagamlary hödürleýän «Arresten» restoranyna baryp bilerler.
PDF








