«Deloitte» we «Google» kompaniýalarynyň bilelikdäki geçiren täze barlaglaryna görä, 2040-njy ýyla çenli Ispaniýa Fransiýadan öňe geçip, dünýäde iň köp syýahatçy gelýän ýurda öwrüler. Dünýäde syýahatçylyk saparlarynyň sany artmagyny dowam edip, 2040-njy ýylda ýyllyk görkeziji 2,4 milliarda ýeter we muňa Ýewropa ýurtlary esasy goşant goşar. Şol döwürde Ispaniýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň 110 milliona ýetmegine garaşylýar, Fransiýada bolsa bu görkeziji 105 million bolar.
Şeýle hem ABŞ bilen Hytaý öňdäki bäşlikde galmagyny dowam etdirer, Italiýa altynjy orna düşer, Meksika bäşinji orna çykar. Aziýa we Ýuwaş umman sebiti bolsa daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmekde ikinji orny eýelär. Munuň bilen birlikde, syýahatçylaryň sanynyň yzygiderli artmagy Ispaniýanyň ykdysadyýeti üçin uly peýda getirse-de, bu ýagdaý ýerli ilatyň arasynda käbir aladalary döredýär we degişli çäreleri görmegi talap edýär. Şolar sebäpli Ispaniýanyň hökümeti we ýerli häkimiýetler tarapyndan gysga möhletli kärende jaýlaryny azaltmak, şeýle hem syýahatçylyk pudagyny düzgünleşdirmäge we tertip-düzgüni berkitmäge gönükdirilen täze çäreler görülýär.
PDF








