Ethel Caterham
Ethel Caterham

1909-njy ýylyň 21-nji awgustynda doglan britaniýaly zenan Etel Katerhem 117 ýaşyny belledi. Geçen ýyl dünýäniň iň garry adamy bolan hem-de Korol Karl III bilen duşuşan zenan, uzak ýaşamagyň syryny dawalardan gaça durmak, diňlemek we halaýan zadyň bilen meşgullanmakda görýär. COVID-19-y hem başdan geçiren zenany bu şatlykly günde maşgala agzalary we dostlary gutlaýarlar.