Saud Arabsytanynyň çempionatynyň täze möwsüminiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Soňky çempion “Al-Nassr” myhmançylykda “Er-Riýad” topary bilen duşuşdy. Duşuşykda “Al-Nassr” topary 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýunda “Al-Nassryň” gollaryny 18-nji minutda Al-Amri, 45+1-nji minutda Anhelo, 58-nji minutda Žoao Feliks hem-de 83-nji minutda oýna soň giren Kristiano Ronaldo geçirdi. Şeýlelikde, “Al-Nassr” topary täze möwsüme 2 ýeňiş bilen başlady.
Täze möwsümde ilkinji gezek meýdança çykan Ronaldo täze saç stili bilen ilkinji goluny hem geçirdi. Saçyny sarymtyl-gyzyl reňke boýan Ronaldonyň karýerasyndaky gollarynyň sany 977-ä ýetdi. Golaýda karýerasynyň iň soňky möwsüminiň bolup biljekdigini belläp geçen super ýyldyz 1000 gol maksadyna ýene bir ädim golaýlady.
PDF








