“Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň sekizinji synpda okaýarka elektronika boýunça işläp taýýarlan we 1968-nji ýylyň 29-njy fewraly bilen senelenýän mekdep taslamasy auksiona çykaryldy. Uzynlygy 81 santimetr bolan fanerden ýasalan we «Tiristor näme?» diýlip atlandyrylan bu taslama iki sany görkezme shemasyndan, 10 sahypalyk hasabatdan hem-de Jobsuň elde çyzan çyzgylaryndan ybarat bolup, onuň ýanyna eminler üçin işe girizilişi baradaky gözükdiriji hem goşulypdyr. Habar çap edilende oňa teklip edilýän puluň möçberi 3000 dollara barabar bolup, guramaçylar gyzyklanmanyň artmagyna garaşýarlar. Häzirki wagtda “Apple” kompaniýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp “RR Auction” tarapyndan guralan «Steve Jobs & the Computer Revolution: The Apple 50th Anniversary Auction» atly auksionynyň çäginde 200-den gowrak lot hödürlenýär. Oňa gatnaşýan esasy lotlaryň hatarynda 1977-nji ýylda öndürilen we henizem işleýän «Neumark» atly “Apple I” kompýuteri, şeýle hem inženerler tarapyndan enjamlaýyn bölegi we programma üpjünçiligi kämilleşdirilýänçä ölçeglerini gizlin saklamaga ýardam eden ilkinji “iPod”-yň prototipi – “Apple P68 Stealth iPod” bar.