Awstraliýanyň Morton-Beý şäherinde ulag dykylyşyklaryny azaltmak maksady bilen, emeli aň tarapyndan dolandyryljak ilkinji “akylly” çatrygy synagdan geçirmäge taýýarlanýarlar. “ABC News” neşirine salgylanyp habar berlişi ýaly, bahasy 170 müň awstraliýa dollaryna barabar bolan bu taslama üçin zerur tehnologiýany Awstriýanyň “Swarco” kompaniýasy üpjün etdi. Täze ulgam asfaltdaky köne datçikleriň hem-de taýmerleriň ornuny kameralar we LiDAR ulgamlary bilen çalşar. Ol hakyky wagt tertibinde ýol hereketine gatnaşyjylary — awtomobilleri, awtobuslary, welosipedçileri we pyýadalary görüp, biderek garaşyp durulmaz ýaly ýaşyl yşygyň ýakylmaly wagtyny ýüzugra kesgitlär.

Synaglaryň 2026-njy ýylyň ahyrynda başlanmagy meýilleşdirilýär we häzirlikçe bu diňe ýeke-täk çatrykda geçirilýän synag bolup durýar, şol sebäpli hem hünärmenler maglumatlaryň goraglylygy we ulgamyň netijeliligi barada entek anyk netijä gelmäge howlukmaýarlar. Eger-de täze çemeleşme şowuna düşen ýagdaýynda, bu synagyň has giň gerimde dowam etdirilmegi göz öňünde tutulýar.