24-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Pet­ra Daht­le­ri ka­bul et­di. Ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.

Il­çi du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, dür­li ul­gam­lar­da uly ösüş­le­ri ga­zan­ýan Türk­me­nis­tan­da Ger­ma­ni­ýa we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­riň we Fe­de­ral Kans­le­ri Frid­rih Mer­siň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, il­çi­ni ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len jo­gap­kär­li işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ba­bat­da Ger­ma­ni­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­da­ky esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz Ger­ma­ni­ýa bi­len hyz­mat­daş­ly­gy öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak esa­syn­da yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýär.
Türk­me­nis­tan hem-de Ger­ma­ni­ýa hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler, BMG-niň çäk­le­rin­de öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry öza­ra gol­da­ýar­lar. Ýur­du­myz GFR bi­len hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek me­se­le­le­rin­de-de hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” for­ma­tyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan bu for­ma­ta se­bit ösü­şi, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak, ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­ny gi­ňelt­mek, bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry iler­let­mek üçin mö­hüm gu­ral hök­mün­de ga­ra­ýar.
Iki ýurt söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­me­giň wa­jyp gu­ra­ly hök­mün­de Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ger­man iş to­pa­ry­nyň hem-de Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň alyp bar­ýan işi­niň or­ny nyg­tal­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da köp­ýyl­lyk türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň nus­ga­lyk my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Onuň çäk­le­rin­de türk­men luk­man­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­mak, ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, iň go­wy Ýew­ro­pa luk­man­çy­lyk tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek üçin ger­ma­ni­ýa­ly bi­ler­men­ler bi­len yzy­gi­der­li gat­na­şyk al­nyp ba­ryl­ýar.
Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ol döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup, dost­luk­ly halk­la­ry­my­zy ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Şun­da bi­lim ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ra, hu­su­san-da, ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, döw­re­bap bi­lim­le­ri­dir tej­ri­bä­ni alyş­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.
Dip­lo­mat du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­di­rip, däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek hem-de iki ýur­duň we ola­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän ger­man-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.