Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň rektory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleri, kafedralary we onda bilim berilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary hem-de uniwersitetiň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn okuwlaryň geçirilýändigini hem-de uniwersitetiň talyplary üçin Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribelikleriniň yzygiderli guralýandygyny belledi.
2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça dördünji Ähtnama bolup durýar.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Akmal Niza Ahmad “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Malaýziýada we Aziýada inžener ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygyny belläp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyga gyzyklanma bildirip, bilelikde ylmy temalar boýunça ylmy işleri alyp barmaklygy, ylmy makalalary ýazmaklygy we olary halkara indekslenýän ylmy žurnallarda çap etmeklikde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy. Wekil Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň onlaýn we gatnaşylyp geçirilýän okuwlarynyň dowam etdiriljekdigini habar berdi.
Çeşme: education.gov.tm
PDF







