24 – 29-njy aw­gust­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Daş­kent we Sa­mar­kant şä­her­le­rin­de «Ys­lam si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi: tä­ze ga­ra­ýyş­lar, tä­ze açyş­lar» at­ly hal­ka­ra me­dia fo­ru­my ge­çi­ril­ýär. Fo­ru­ma dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan žur­na­list­ler, me­dia ul­ga­my­nyň bi­ler­men­le­ri we hal­ka­ra de­re­je­li hü­när­men­ler gat­naş­ýar­lar. Do­gan­lyk ýurt­da ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li fo­ru­ma ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri hem gat­naş­ýar­lar.

21-nji aw­gust­da Daş­kent şä­he­rin­dä­ki Öz­be­gis­ta­nyň Ys­lam si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zin­de fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu ýer­de mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry bi­len bir ha­tar­da, yl­my we bi­li­mi ös­dür­me­giň tas­la­ma­la­ry, al­nan mag­lu­mat­la­ryň elekt­ron gör­nüş­le­ri, dün­ýä äh­mi­ýet­li ylym-bi­lim we me­de­ni meý­dan­ça öw­rü­len Mer­kez­de ula­nyl­ýan mul­ti­me­di­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry gör­ke­zil­ýär.
Umu­my mej­lis­de çy­kyş eden­ler hä­zir­ki za­man res­mi­na­ma­la­ýyn film­le­riň me­se­le­le­ri, fil­mi dö­ret­me­giň esa­sy ugur­la­ry we bu ugur­da top­la­nan tej­ri­be­ler ba­ra­da düýp­li mag­lu­mat­la­ra esas­lan­ýan çy­kyş­la­ryň üs­ti bi­len gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler.
Şeý­le hem umu­my mej­li­siň do­wa­myn­da ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry yl­my esas­da öw­ren­me­giň me­se­le­le­ri, ne­şir­ýat işi­niň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri we bu ul­ga­myň işi­ni ös­dür­mek, hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan tas­la­ma­lar, hä­zir­ki za­man san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şun­da me­dia ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň äh­mi­ýe­ti­ne üns be­ril­di.
27-nji aw­gust­da «Ys­lam si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi: tä­ze ga­ra­ýyş­lar, tä­ze açyş­lar» at­ly hal­ka­ra me­dia fo­rum Sa­mar­kant şä­he­rin­de do­wam eder. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, şä­he­riň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­na de­giş­li ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my bi­len tan­şar­lar.
28-nji aw­gust­da bol­sa hal­ka­ra fo­ru­myň jem­leý­ji umu­my mej­li­si ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem şol gün fo­ru­myň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy bo­lar.
Ýur­du­my­zyň de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça we­kil­le­ri dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Mu­nuň özi beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, ylym-bi­lim, me­de­ni we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ugur­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra we se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Çeş­me: turk­me­nis­tan.gov.tm