25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi.
Türkmenistanly synçylara hoşallyk bildirdi
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň goldawyna hem-de Milli Liderimiziň Gazagystan üçin taryhy waka — parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň döwlet Baştutany hormatly Arkadagymyzyň gutlaglarynyň iki doganlyk halkyň arasyndaky hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasydygyny nygtap, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi.
Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi. Bu ýörelgeler häzirki döwürde we uzak möhletleýin geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda giň özara gatnaşyklary öz içine alýar. Bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk gurallary — hökümetara topar, degişli iş toparlary, gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän beýleki utgaşdyryjy düzümler üstünlikli hereket edýär.
Halkara syýasy giňişlikde ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar
Türkmenistan bilen Gazagystan halkara syýasy giňişlikde-de ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Ählumumy we sebit derejesinde giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalary, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.
Gazagystanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, olaryň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň netijeleriniň bu gatnaşyklara uly itergi berendigine üns çekildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi.
Kasym-Žomart Tokaýew Awazada geçiriljek sammitlere gatnaşar
Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilýän köptaraplaýyn forumlara gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri alyp barýandygyny aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belledi. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi.
Gazagystanyň döwlet Baştutany oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
PDF








