Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Daş­kent we Sa­mar­kant şä­her­le­rin­de 24–29-njy aw­gust ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän «Ys­lam si­wi­li­za­si­ýa­sy: tä­ze ga­ra­ýyş, tä­ze açyş­lar» at­ly hal­ka­ra me­dia­fo­ru­my­na gat­naş­ýar. Fo­ru­myň işi­ne dün­ýä­niň 50-den gow­rak ýur­dun­dan köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, yl­my we me­de­ni ul­gam­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar.
Ple­nar mej­lis­le­riň do­wa­myn­da hä­zir­ki za­man me­dia ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ta­ry­hy-do­ku­men­tal maz­mu­ny dö­ret­mek, ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry yl­my taý­dan öw­ren­mek, ne­şir­ýat işi we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge we me­dia ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ta­ry­hy ýa­dy­gär­li­gi go­rap sak­la­mak, me­de­ni mi­ra­sy giň­den wa­gyz et­mek we ony köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň hem-de san­ly plat­for­ma­la­ryň üs­ti bi­len hä­zir­ki za­man jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
27-nji aw­gust­da hal­ka­ra me­dia­fo­ru­my­nyň işi Sa­mar­kant şä­he­rin­de do­wam et­di­ri­ler. On­da gat­na­şy­jy­lar şä­he­riň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len tan­şar­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň hal­ka­ra me­dia­fo­ru­my­na gat­naş­ma­gy me­de­ni-yn­san­per­wer we mag­lu­mat ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, hü­när gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge hem-de da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­ler bi­len tej­ri­be alyş­ma­ga ýar­dam be­rer.