17-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler.
Ata Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ýüze çykarar.
Sergä ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.
Serginiň diwarlyklary ykdysadyýet, energetika we senagat, nebit-gaz, nebit-himiýa, dokma senagaty we halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat işi hem-de tebigaty goramak ýaly ugurlardaky üstünliklere bagyşlanar.
PDF








