26-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli bilim özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesil kemala gelýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, sagdyn nesli terbiýelemek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky meseleler hem maslahatda esasy üns berlen ugur boldy. Şunuň bilen birlikde, dünýä tejribesi esasynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny, kitaplary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilip, ylmy-taslama işlerini alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuw-usulyýet toplumlary taýýarlanyldy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar, olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş mugallymlara halypalyk edýän pedagogik işgärler sylaglanyldy.
Maslahatda bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň ugurlaryna hem aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bilim edarasynda berilýän her bir ders ýaşlaryň diňe bir hünär bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň pikirleniş medeniýetine, durmuş garaýyşlaryna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de täsirini ýetirýär.
Çykyşlarda inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Inklýuziw bilim — bu ukyplaryna we mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagydyr. Inklýuziw bilimiň çäginde çagalaryň fiziki, akyl, medeni-ahlak, dil we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, orta mekdeplerde beýleki çagalar bilen bilim almagyna mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. Gaznanyň işi jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda, ýaşlary ata-babalarymyza mahsus belent adamkärçilik, asyllylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde hem nusgalyk görelde bolup durýar.
Maslahatda takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan, innowasion usullardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. Şeýle hem halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bilim, medeniýet, döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmak, täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hem-de okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň usullary barada-da durlup geçildi. Mekdebe çenli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen birlikde, bilim işiniň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna hem gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatyndaky çykyşlarda beýan edilenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigini aýdyň görkezdi. Onuň ahyrynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynda bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
PDF








